Ruslaryň RIA habarlar gullugy ekspertleriň smartfonlary dogry zarýadlandyrmak baradaky berýän maslahatlaryna salgylanmak bilen ulanyjylara degerli maglumatlary ýetirýärler. Enjamymyzy dogry zarýadlandyrmak bolsa, mälim bolşy ýaly, onuň işleýiş ömrüni kesgitleýär.
Ilkinji nobatda maslahat berilýän zat, ol hem smartfonlarymyzyň batareýasynyň zarýadyny 10 %-den aşak düşürmezlik we ony dolanyndan soň hem zarýaddan aýyrman goýmazlykdyr. Mundan başga-da, esasy aýratynlyklaryň biri, ekspertleriň tekliplerine laýyklykda, diňe doly sertifikatlaşdyrylan zarýad beriji enjamlardan peýdalanmak bolup durýar. Aslynda, ilkinji nobatda, smartfonyň özi bilen bilen gelýän original zarýad berijiden peýdalanmak iň ygtybarly netijedir.
Smartfonymyzy uzak wagtlap elktrik toguna baglap goýmak, şeýle-de batareýamyzy çalt zarýadlandyrýan näbelli zarýad beriji ulgamlardan peýdalanmak batareýamyzyň işini çaltlandyrmak bilen ony kadaly işinden daşlaşdyrýar we onuň sygymyna ýaramaz täsirini ýetirip bilýär. Bu barada hi-tech.ru tehnologik saýtynyň ýolbaşçysy Dmitriý Rýabinin belläp geçýär. Eger şeýle ters täsir edýän usullary ýeňillikli tarapyna garap ulansak, onda smartfonumyzyň batareýasyna kepillikli 1,2-2 ýyldan has irräk zeper ýetip biler.