hre ýyldyzy – Weneranyň atmosferasynyň ýokary gatlaklarynda fosfin gazynyň yzlary tapyldy. Bu gaz bolsa käbir janly organizmler tarapyndan bölünip çykarylýar. Bu barada Nature astronomy portaly habar berýär.
Wenera planetasynyň atmosferasynda fosfin gazynyň barlygyny Kardiff uniwersitetiniň hem-de Massaçusets tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary Gawaýdaky Jeýms Klark Makswell teleskopy we Çilidäki Atakama radioteleskopylary ulgamynyň kömegi bilen anykladylar.
NASA agentliginiň direktory Jim Braýdenstaýn bu hadysany düşündirip, Wenera ýyldyzyna köpräk üns bermäge wagtyň gelendigini belleýär. Bu barada Braýdenstaýn Twitterdäki sahypasynda şeýle ýazýar: “Anaerob biologiýanyň ikinji önümi bolan fosfiniň tapylmagy Ýerden daşarda hem ýaşaýşyň bardygynyň subutnamalaryny tapmakda iň möhüm hadysa hasaplanýar.
Eger bilýän bolsaňyz, fosfin örän zäherli gaz bolup, Ýerde ony anaerob, ýagny kislorod sarp etmeýän mikroorganizmler bölüp çykarýarlar. 2019-njy ýylda ekzoplanetalar atmosferasynda fosfini gözlemegi olarda ýaşaýyş barlygyny aňladýan belgi hökmünde garamak teklip edýär.
Wenera Günden soňky ikinji planeta bolup, ol Ýeriň iň golaý goňşusy hasaplanýar. Bu planeta başga planetalardan tapawutlydyr. Günüň golaýynda arkalaýyn ugur boýunça aýlanýar. Bu bolsa planetada Günüň gündogardan däl-de, günbatardan çykýandygyny aňladýar.