Beýik Britaniýanyň Şa zenanynyň ygtyýarlyklaryndaky London şäheriniň günbatary we ýurduň oba hojalyk ýerlerindäki gozgalmaýan emläkleri dolandyrýan Britan täji (“Crown Estate) mülkleriniň gymmaty karantinden soňra 716 million dollara çenli peseldi.
Patyşalyk täji edarasynyň hasabatyna görä, 2019-2020-nji ýylda London karantin bolandan soň dükanlar ýapylyp kireýne pullaryň tölenmändigi üçin Şa zenanynyň portfeliniň mukdary 1,2%-e düşdi we 17,4 milliard dollary emele getirdi.
Aýdylmagyna görä, söwda ulgamyndaky oňaýsyz ýagdaýa seretmezden, Crown Estate geçen ýylda az mukdarda bolsa-da girdeji gazanypdy. Guramanyň ýerine ýetiriji direktory Den Labbad girdeji öňki ýyla garanda 0,4%- ösüpdir we 447 millon dollary emele getirdi. 2010-njy ýyldan bäri resmi ýagdaýda “Suweren mülki” diýip atlandyrylýan Täç mülki Londonyň West-End raýonyndaky obýektler, Windzordaky mülkler we askot ippodromyny dolandyrýar. Crown Estate 1961-nji ýyldan bäri garaşsyz täjirçilik guramasy hasaplanýar. Girdejilerini bolsa maliýe ministriligine tabşyrýar. Hasaplamalara görä, gurama soňky on ýylyň içinde Britan gaznasy üçin 3,7 milliard dollar işläp berdi. Bu maýa goýumlar Şa zenanynyň şahsy mülküniň bir bölegi hasaplanmaýar.
Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň maý aýynda Şa zenanynyň şahsy baýlygy 500 million dollar, Britaniýa monarhyna degişli mülkleriň umumy bahasy bolsa 25 milliard dollardyr.