Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ejegyz Garajaýewna Rahmanowany,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bölüminiň maşgala lukmany Annajemal Geldiýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Annasoltan Nyýazdurdyýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulboldy Allabaýewany,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Miwegül Berdiýewany,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň lukmany Amantäç Muhammetorazowany.