Paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllyk ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin ýörite sylaglara we degişli derejelere mynasyp boldular.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ählumumy agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar.