Dünýäniň iň abraýly weloýaryşlaryndan biri “Tur de Frans”-da UAE Team Emirates toparynyň agzasy sloweniýaly Tadeý Pogaçar ýeňiji boldy. Üns bermeli ýeri, Pogaçar bu weloýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar. Ýaryşyň soňky tapgyry dostlukly ýaryş hökümünde geçirildi we ol hiç zady çözmedi. Onda Deceunick Quick-Step toparynyň agzasy Sem Bennett ýeňiş gazandy.
21 tapgyrdan ybarat ýaryşyň ýeňijisi Pogaçar bütin aralygy 87 sagat 20 minut 5 sekuntda geçdi. Onuň ildeşi Jumbo-Visma agzasy Primoj Rogliç 2-nji orny, awstraliýaly Riçi Port 3-nji orny eýeledi.
21 ýaşly Pogaçar ýaryşda birinji gezek gatnaşýar. Ol fransuz Anri Korneden soň bu abraýly weloýaryşda taryhdaky ikinji belgili iň ýaş welosportçy boldy. Korne bu abraýly ýaryşda 1904-nji ýylda 19 ýaşynda ýeňiji bolupdy. Iň soňky gezek weloýaryşa debýutanty “Tur de Frans’-da 1983-nji ýylda ýeňijilik gazandy: bu netije fransuz loran Finon ýetipdi. Mundan başga-da, weloýaryşyň taryhynda birinji gezek arap toparynyň wekili ýeňiji boldy.
“Tur de Frans” şu ýylda 107-nji gezek geçirildi. Bu gezek ol diňe Fransiýanyň çäginde guraldy. Ýaryşyň 27-nji iýunda başlanmagy gerekdi. Emma pandemiýa sebäpli gijä galdyryldy. Ýaryşyň umumy uzaklygy 3470 km-i emele getirýär.