Gent uniwersitetiniň (University Gent) täze işläp taýýarlan bu işi kontaktly linzalardan peýdalanýan adamlaryň durmuşyny görnetin ýeňilleşdirer. Bu “akylly” önüm görüş bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmeginde esasy orny eýelemek bilen, öz-özünden durulygy sazlamak, gözlerimize düşýän reňkleriň sanyny regulirlemek ýaly funksiýalary ýerine ýetirer. Bu täzelik barada Москва.ру internet neşirinden has giň maglumatlary görmek bolýar.
Muny öndüriji hünärmenleriň bellemeklerine laýyklykda, bu täzelik ýakyn günlerde satuwa çykarylar. Awtomatik korrektirlemek funksiýasyna laýyklykda, linzalar görýän şekillerimiziň durulygyny has ýokary derejede görmäge mümkinçilik döreder, şeýle-de optik aberrasiýany peseldip, gözümiziň talap edýän reňkleriniň sanyny sazlamaga şert döreder.
Bu enjam elektron shema arkaly dolandyrylyp, özünde reňk duýujylygynyň detektorlaryny jemleýär. Linzany dakanymyzdan soň, korrektirlemek işleriniň ählisi öz-özünden, ulanyjynyň bagly däl ýagdaýda bolup geçýär.
Alymlar bu “akylly” linzalaryň göz kesellerinde — ýaýraýan göz keselleri (aniridiýa, koloboma, gury gözlülik sindromy…), migren, kelleçanak-beýni şikesleri bilen bagly agyrylar we ş.m keseller bilen ejir çekýänleriň köpüsi üçin bejergi bolup hyzmat eder diýip belleýärler.