Singapuryň alymlar topary 3D printeriň kömegi bilen indi nahar önümlerini çap etmek işini ýola goýdular. Olaryň bu işi gury süýdi ýörite formalarda çap etmekden başlady.
Olar bu işi gury süýdüň düzümindäki ýokumly maddalaryň saklanyp galmagy üçin ýörite niýetlenen arassa otagda alyp bardylar. Bu özboluşly tehnologiýa lazer esasly bolup, köp mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Ekstruziýa — bu önümleriň alynmagynda olary pasta görnüşli esasda ýörite enjam bilen taýýarlamagyň tehnologiýasy. Emma ekstruziýa gyzgynlykda bolsa, onda önümiň düzümindäki ýokumly maddalar ýitýär, şonuň üçin hem singapurly alymlar ony sowuklygy saklamak bilen taýýarlamagy meýilleşdirdiler. Şeýlelikde hem, olar gerekli mukdara suw bilen gury süýdi garyp, 3D syýany ýasamagy başardylar.
N+1 neşiriniň habar bermeginde bu ylmy barlaglaryň awtory bolan Li Çeng Pau bu metodyň ýokary derejeli önümçilikde hem adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda esasy orna eýe bolar diýen sözleri getirilýär.