Faýllary, meselem, suraty kompýuteriň ýadynda ýerleşen suraty hemişe hem aňsat öçürmek başardybermeýär. Käbir maglumatlary bolsa ýene-de gaýtadan dikeldip bolýar. Bu bolsa belli bir derejede maglumat howpuny emele getirýär. Onda-da, gürrüň köne enjamy satmaly bolanda. Munuň ýagdaýlar üçin bolsa Redkey USB Computer Data Wipe Tool peýda boldy. Bu barada Hi-Tech. Mail.ru.
Dewaýs USB konnektora eýe bolan gapy açaryna meňzeş fleşýaty öndürmek işi başlandy. Döredijiler ondan peýdalanmaklygy maksimal derejede aňsatlaşdyrdylar. Ony ýönekeýje kompýutere dakmak we birnäçe klawişleri basmak ýeterlik bolar. Ýagdaýy dolandyrmak üçin sazlamalar menýusyndan peýdalanyp hem bolýar.
Redkeý üçin ähli maglumatlary öçürmek birnäçe sekuntdan, iki minuda çenli wagty talap edýär. Taslamany döredijiler zerur faýllardan nusga alyp goýmagy maslahat berýärler. “Açardan” peýdanylandan soň faýllary täzeden dikeldip bolmaýar.
Täze fleşýatdan 2000-nji ýyldan soň öndürilen kompýuterlerde peýdalanmak bolýar. Minimal talap: Windows operation ulgamy we 512 megabaýt çeýe ýat ýa-da 2006-2016-njy ýyllarda ýönekeý USB porta eýe bolan Intel Prosessorynda döredilen kompýuterleri bolmalydyr.