Biziň beýnimize täze bir sözi ýatda saklamak üçin 2 sagat gerek bolýar. Bu barlaglaryň gepläp bilmezlikden ejir çekýän çagalaryň dil açmaklarynda uly peýdasy bolar. Orataça hasap bilen, adama täze bir sözi ýadynda saklamak üçin 1 sagatdan 2 sagada çenli wagt gerek bolýar. Bu pikiri Russiýanyň Skolkowskiý adyndaky Ylym we tehnologiýa institutynyň hünärmenleri ýüze çykardylar. Olar bu işleriniň netijelerini Frontiers in Neuroscience žurnalynyň sahypalarynda neşir etdiler.
Mundan öň adamyň haýsydyr bir informasiýany ýat beklemegi üçin bir gün töweregi wagtyň gerekdigi aýdylýardy. Rus hünärmenleri bu teoriýany öz işleri bilen inkär etdiler. Olar 24 adamyň gatnaşmagynda ýörite eksperiment geçirdiler. Umuman, olara berlen sözleri ýat tutuş aýratynlyklary göz öňüne tutlyp, sözleriň ýatda galyş aýratynlyklaryna gözegçilik edildi.
Soňra bolsa 2 sagadyň dowamynda olar gatnaşyjylaryň beýnileriniň ýatda saklaýjylyk işini seljermek bilen, neýron işjeňliginiň özgerişini öwrendiler. Netijede adamyň haýsydyr bir özüne nätanyş bolan sözi ýadynda saklamagy üçin 2 sagat wagtyň ýeterlik bolýanlygy subut edildi.
Bu barlag sözleri öwrenmekde fonetika we semantikanyň berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Alymlar bu barlagyň çagalara geplemegi öwretmeklerinde we uly ýaşlylara daşary ýurt dillerini öwrenmekde maglumat hökmünde kömek etjekdigini belleýärler.