Geýimleri ütüklemek aňsat diýip oýlaýansyňyz! Emma hemmäniň hem mundan talabalaýyk başy çykybermeýär. Biz bolsa size aşakda ütük edilende gerekli bolan kadalar bilen sizi tanyşdyrýarys!
Ýakaly köýnekleriň ýuwluşy.
Bilýän bolsaňyz, klassik usuldaky köýnekler aýratynlykda ýuwulýar. Beýle ýagdaýda köýnegiň ýakasy we ýeňleri ýörite çotga bilen sürtülip ýuwulýar. Eger-de köýnegiň ýakasy we ýeňi elde yşgalanyň ýuwulsa, onda ol öz görnüşini ýitirýär. Ýuwlan köýnegi bolsa ilgençeklerde asyp guratmaly.
Ütüklemek.
Köýnegi doly guramanka, ütüklemek dogry hasaplanýar. Ýakasyny bolsa ilki daşky tarapdan soňra bolsa, içki tarapdan ütüklemeli. Köýnegiň ýakasy büklenip çyzyk boýunça ütüklenmeli däldir. Edil ýakasy ýaly edip ýeňini hem şu usulda ütüklemek hökmany hasaplanýar.
Öň tarapy.
Sag tarapyň aşaky böleginden ýokary bakan ütükläň! Beýle ýagdaýda matanyň ýukalygyna we galyňlygyna görä daşky we içerki tarapdan ütüklese bolar. Çep tarapy hem şeýle etmeli.
Arka tarapy.
Köýnegiň arka tarapy giň biçimde bolandygy üçin ütüklemek has oňaýlydyr. Arka tarapda esasan hem çepden saga tikinleriň üsti bilen ütügi ýöretmeli.