Iki sany agram derejesinde öňki UFC çempiony Kormýe üçünji gezek kaka bolmak bagtyna eýe boldy. 41 ýaşly öňki çempionyň maşgalasynda gyz perzent dünýä indi. Bu barada Kormýeniň hut özi mälim etdi.
Ol özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky mobil sahypasynda şeýle ýazgylary galdyrdy: “Maşgalamyzda Luni-Rouz Kormýäniň dünýä inendigini size mälim etmek isleýärin! Ol geçen hepdäniň çarşenbe güni dünýä indi. Dört ýarym hepde ir dünýä gelmegiň bolandygyna garamazdan 2,8 kg agram bilen gyzjagazym ömrümize bagt paýlap, güýz howasy ýaly mylaýymlyk bilen doguldy. Ol häzir biziň bilen öýde. Men juda bagtly, çünki indi ýene-de bir gyzym bar”.