Möwsümleýin miwelerden biri bolan beýini ählimiz söýüp iýýäris. Ondan taýýarlanan mürepbe we şerbetler gyş paslynda gowşan immunitet üçin iň gowy dermanlyk serişde boljakdygy ählimize bellidir. Bu ajaýyp miweden halk lukmançylygynda we kosmetologiýadan hem peýdalanmak mümkin. Indi bolsa biz size beýiden öý şertlerinde taýýarlanýan dermanlyk serişdeler bilen tanyşdyrýarys.
Sowuklamanyň öňüni alýar
Bir sany beýini ikä bölüp, dänesinden aýratynlamaly. Aýratyn gapda 100-150 gr suw bilen garyşdyryp, oda goýmaly. Ortaça atda goýurak görnüşe gelýänçä gaýnatmaly. Soňra otdan alyp, ýyly halatynda 1 nahar çemçesi möçberde gününe 3 wagtyna nahardan öň içmeli. Her gün taýýarlanan içgini täzeden taýýarlamaly. Bu içgide gury üsgürmede, bronhalaryň sowuklamasynda içmek maslahat berilýär.
Ganazlykda iň peýdalylaryň biri
Ortaça ululykdaky beýini dänesinden arassalap, 2 çaý çemçesi ary baly bilen doldurmaly. Soň 15 minut otda goýup, ýumşak görnüşde bişiriň. Ary bally beýini bir günde bir gezek kabul etmek saglygymyzy berkitmekde we ganyň düzümindäki gemoglobiniň mukdaryny köpeltmekde has hem peýdalydyr.
Immuniteti berkleşdirýär
3 sany beýi miwesini dograşdyryp, şiresini almaly. Islegiňize görä ary baly bilen garyşdyrmaly we günnüň dowamynda az-azdan kabul etmeli. Işdäsizlikde hem beýiden peýdalanmak bolýar. Günaşadan ýarym beýi miwesini az mukdarda saryýag we islegiňize görä ary baly bilen bugda taýýarlap, esasy naharlanmakdan soň desert hökmünde kabul etmek gerek. Beýiniň bu görnüşde iýilmegi işdäni gowulandyryp, süýjülikleriň ornuny tutup bilýär.