Britaniýaly hünärmenler adam ömrüniň dowamlylygyny kesgitlemek bilen meşgullanýan ýörite serwisi döretdiler.
ToDay News Ufa elektron neşiriniň ýazmagyna görä, bu iş Gündogar Angliýanyň uniwersitetiniň hünärmenleriune degişli bolup durýar. Şonuň bilen birlikde hem olar medisina barlaglaryna esaslanyp öz işlerini ýeterlik derejede dellillendirýärler.
Bu serwisiň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin oňa gatnaşýan adam şahsy maglumatlaryny, şol sanda agramyny, boýuny, ýaşyny, saglyk ýagdaýyny hem-de ýaramaz endikler bilen aragatnaşygyny ýazyp ugratmaly. Şondan soň bolsa serwis ortaça ýaşy çykarýandyr, şeýle hem infarkt hem-de insult keselleriniň töwekgelçiligi barada giňişleýin beýan edýär.