Ysraýylyň alymlary 2500 ýyllyk taryhy bolan, 18 sany tablisada ýerleşdirilen gadymy hatlaryň şifrini açmagy başardylar. Times of Israel neşiriniň habar bermegine görä, alymlar bu işiň tehnologiýasy hökmünde emeli intellekti hem-de kriminalistleriň metodlaryny ulanypdyrlar.
Barlaglaryň çykaran netijelerine laýyklykda, bu hatlary diňe bir adam däl-de, eýsem azyndan on töweregi adam ýazan bolmaly. Bu harby ýolbaşçylaryň gündelik hatlary bolup, olar gündelik önümleri getirtmek üçin sanaw hökmünde ulanylypdyr. Ýöne bu hatlarda adresant bolup hemişe Elýaşiw atly adam çykyş edipdir. Muňa garamazdan, hatlarda “Iudeý şasy”, “Ýahwanyň öýüne” ýaly dini tematikany görkezýän jümlelere hem gabat gelmek bolýar.
Öňler alymlar gadymy döwürde tablisalara ýazylýan hatlary belli bir kätip ýazýar diýip düşünen bolsa, ýakynda ýüze çykarylan hatlarda olaryň 12-ä golaý adam tarapyndan ýazylandygy ýüze çykaryldy. Şeýle-de, olaryň ýazylan senesi, takmynan, b.e. öňki 600-nji ýyllar diýlip görkezildi.
Belläp geçsek, bu gadymy iudeý hatlaryny 1960-njy ýyllarda Negew çölündäki gadymy galadan tapypdylar. Häzirki ylmy metodlar hatda olaryň öwrenilişi baradaky maglumatlary anyklamaga hem ýardam edýär.
Alymlaryň gadymy iudeý halkynyň sowatly bolanlygyny tekrarlaýarlar. Mysal üçin hem, 20-30 adamyň ýarsynyň hat ýazyp bilmek ukybynyň bolupdyr. Mundan ozal bolsa, emeli intellekt gadymy Gerkulanumyň şifrlerini açmakda peýdalanylýar diýlip habar berlipdi.