Nobel baýragynyň eýesi, meşhur rus ýazyjysy Iwan Buniniň hatyrasyna täze pul birligi, iki rubla barabar bolan teňňe döredildi. Bu teňňe 3 müň ekzemplýar nusgada çykarylar. Russiýanyň banky 7-nji sentýabrda meşhur ýazyjynyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlap täze teňňeleri öndürmek bardaky karara geldi. Bu teňňeler 22-nji oktýabrda, ýagny ýazyjynyň doglan gününde dörediler.
Buniniň kümüş şekili ýerleşdirilen teňňe 3 müň ekzemplýarda çykarylyp, onuň her biriniň agramy 15,55 gram bolup, 925 nusgalyk belgilidir.
Kümüş teňňede Iwan Buniniň relýef görnüşli keşbi şekillendirilipdir. Onuň töweregi bolsa baglaryň suratlary bilen lazer matirleme usuly bilen bezelipdir. Portretden sag tarapda alma agajynyň şekili, aşak tarapynda bolsa ýazyjynyň goly hem-de ýaşap geçen ýyllary görkezilipdir.