Rus söweş sungatynyň görnükli türgenleriniň biri bolan Sergeý Haritonow özüniň professional boks boýunça geçiren ilkinji tutluşygynda ýeňiş gazandy. Ruslaryň garyşyk söweş sungatynyň bnýadyny goýujylaryň ilkinjileriniň biri bolan bu türgen 11-nji sentýabrda “Himki” arenasynda boksda ilkinji gezek güýjüni synap gördi.
Şol gijäniň esasy tutluşygy Sergeý Haritonow bilen Denni Wilýamsyň arasynda boldy. Rus söweşijisi britan boksçusyny eýýäm 2-nji raundda nokaut etmegiň hötdesinden geldi.
Boks sportunyň Haritonow üçin ýat bolmagyna garamazdan, oňa bu duşuşygy öz hasabyna tamamlamak kyn düşmedi. 40 ýaşly türgen duşuşygyň ikinji raundynda aýgytly urgusyny geçirdi. Şol pursatda emin Wilýamsyň ýagdaýyna laýyklykda ýeňşi Haritonowyň gazananlygyny mälim etdi.
Bu ýeňiş Haritonowyň karýerasynda boks boýunça ilkinji ýeňişdir. Mundan ozal ol MMA söweş sungatynda tutluşyklary geçirýärdi.