Apple kompaniýasy ýakyn geljekde eplenýän smartfonuny, has takygy Iphone-yny döretmegi mümkin. Bu barada hytaý çeşmelerine salgylanmak bilen gizmochina.com internet saýty habar berýär.
Neşiriň ýetirýän habarlaryna laýyklykda, meşhur “almaly” kompaniýa häzirki wagtda eplenýän gadjetleri döretmegiň üstünde aýratyn iş alyp barýar we ol tejribede oňyn netijeleri hem berýär. Mundan başga-da, kompaniýa Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasyndan köp sanly eplenýän displeýleriň ýörite tapgyryny öndürip bermegi sargyt edýär.
Indi häzirki wagtda Samsung Display geljekki Iphone-lerde oturdyljak displeýleriň esasy üpjün edijisi bolup durýar. Şeýle mümkinçilikler esasynda önümçilik gerimini örän giňeldýän kompaniýa ýylda 10 million eplenýän ekrany döretmegi maksat edinýär.
Umuman, Apple-iň Galaxy Fold üçin bäsdeşligi taýýarlaýanlygy baradaky meselä, biraz skeptik nukdaýnazardan çemeleşmek gerek. Eplenýän Iphone-iň ýakyn günlerde köpçülige ýetiriljegi heniz sorag bolmagynda galýar.