Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäreleri barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde ýiti ýokanç kesel zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly halkara ulag düzüminiň durnukly hereketini üpjün edýän täze halkara-hukuk guralyny döretmek zerurlygy ýüze çykýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa nobatdaky mejlisde garamak meýilleşdirilýär.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň wajyp meseleleri Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň gün tertibine giriziler. Ony BMG bilen bilelikde 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem BMG-niň sebit komissiýalary, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bu düzümler bilen bilelikde ulag meselesine bagyşlanan ýokary derejedäki sebit gepleşiklerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem bu ugur boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 22-nji awgustynda Mejlisiň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň ulag boýunça halkara resminamalarynyň 6-syna goşulmagy hakyndaky Kararlar kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakynda Halkara konwensiýa (Kiot konwensiýasy) goşulmagy hakyndaky teklibi beýan etdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ulag pudagyny sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzda “ASYÑUDA WORLD” utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslamasy durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, BMG ÖM, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy hem-de Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde “Eksport-import amallary üçin “bir penjire” atly taslamasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Milli Liderimiziň goldaw bermegi netijesinde, ulag diplomatiýasy sebit derejesinde-de durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 2-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda öňe süren Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.