Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Ýakyn ýyllarda himiýa ylmynyň we täze himiýa tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça yzygiderli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Ylmy-barlag edaralarynyň arasynda gatnaşyklary hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, himiýa ulgamynda ylmy-barlag işleriniň depginini ýokarlandyrmak hem-de ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berler. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda himiýa ylmynyň ornunyň ýokarlandyrylmagy bilen ylmy-barlaglaryň netijeleri önümçilige işjeň ornaşdyrylar.