Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Merkezi bank bilen bilelikde geçiren seljermesiniň netijeleriniň esasynda “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, degişli amallaryň möçberini giňeltmäge oňyn täsir etmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletde geçirmegi hem-de döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini üýtgetmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.