Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän kärhana gurlar. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär.
Kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşygy hakynda” Kararyna laýyklykda gurlar.
Jebelde täze kärhana üçin tehnologik enjamlary satyn almak we ony gurnamak barada halkara bäsleşigi geçirildi. Onuň jemleri boýunça ýeňiji kesgitlenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze kärhanany diwar materiallarynyň önümçiligi boýunça düýpli döwrebaplaşdyrylan binada ýerleşdirmek teklip edilýär.