Aşgabat şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlary açylar. Şolarda Türkmenistanda öndürilýän we uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasy guralar. Bu barada Hökümet mejlisinde habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze açyljak dükanlar barada aýtmak bilen, soňky ýyllarda dokma pudagynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de önümçilik binýadynyň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, hil we ekologiýa howpsuzlygy babatda degişli halkara ölçeglere kybap gelýän taýýar önümleriň görnüşleriniň artdyrylýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň binýadynyň barha pugtalanýandygyna güwä geçýär.
Dokma önümlerini has-da işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat, hususan-da, soňky ýyllarda meşhurlyk gazanan milli nyşanly harytlary mahabatlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem ilatyň möwsümleýin isleglerine görä, dünýä ýörelgelerine gabat gelýän gelşikli lybaslaryň önümçiligi işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dükanlarda söwdany guramak we alyjylar üçin oňyn şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.