Klubyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, katalon toparynyň YouTube-däki wideohostingi 10 million sany abunaça eýe bolan ilkinji futbol kluby hökmünde ykrar edildi. Dünýä sportunda diňe MBA-nyň YouTube-däki ulgamda abunaçy köp hasaplanýar. Ýagny ol – 14,8 million adamdyr.
Bellenilmegine görä, tiz arada YouTube “Barselona” klubyna 10 million abunaçydan ybarat Diamond Creator Award ýörite baýragyny gowşurdy. Klub wideo şekilleri häzirki wagtda 65 million sagadyň dowamynda tomaşa edildi.
“Barselona”-nyň iň köp abunaçylary ABŞ, Ispaniýa, Braziliýa, Indoneziýa we meksikaly janköýerler hasaplanýar.
Biz bolsa size YouTube-de iň köp abunaça eýe bolan 10 klub bilen tanyşdyrýarys.
“Barselona” – 10 million abunaçy
“Real” – 5,92
“Flamengo” – 5,55
“Liwerpul” – 4,98
“Mançester Ýunaýted” – 3,21
“Ýuwentus” – 2,72
“Mançester Siti” – 2,72
“PSŽ” – 2,56
“Çelsi” – 2,1
“Arsenal” – 1,96
Maglumat hökmünde belläp geçsek, 10 ýyl öň “Barselona” wideo ulgamdaky abunaçylarynyň sany 100 müň adamdan hem azdy.