Amerikanyň kino akademiýasy “Iň gowy film” hökmünde “Oskar” baýragyna dalaşgärlik etmek üçin indiden beýläk düşürýän suratlaryny täze kabul edilen standartlara laýyk getirmelidirler. Mahlasy, kino akademiýasy bu ugurda täze standartlary girizdi. Ýetirilýän habarda: “Bu sfera üýtgeşmeleri girizmegiň wagty gelip ýetdi. Şol sebäpden hem biz “Iň gowy film” netijesini gazanmaga dalaş etjek film ler üçin täze standartlary girizýäris. Ol bolsa eýýäm “Oskar” baýragynyň 96-njy tapgyryndan başlap güýje giriziler.” – diýlip bellenip geçilýär.
Şeýlelikde, 2024-nji ýyldan başlap, surata düşürilýän kinofilmler girizilýän standartlaryň iň bolmanda dörtden ikisine laýyk gelmelidir. Täze düzgünleriň girizýän limitleri barada bellesek, onda kinolarda çykyş edýän personažlaryň sanynyň, režissýorlaryň hem-de hünärmenleriň sanynyň belli normalaryň göz öňüne tutulyp azaldylmagydyr. Mysal üçin, surata düşürilýän filmde çykyş edýän aktýor ýa-da ony taýýarlaýan adamyň wezipelerinde gelip çykyşy boýunça aýry-aýry adamlar işläp biler, şeýle-de ol wezipäni aýallara ýa-da inwalid kemçilikleri bolan adamlara bermek bolar.
Bu standartlaryň çäginde kesgitlenen beýleki kriteriler hem filmde çykyş edýänleriň mukdaryny ýeterlik derejede azaltmak bilen baglanyşyklydyr.