Biziň beýnimiz kadaly kognitiw funksiýalary ýerine ýetirmek üçin käbir iýmit üpjünçiligine zerurlyk çekýär. Alymlar bu meseläniň jogaby hökmünde 6 sany peýdaly zatlary ýüze çykardylar.
Ilki bilen, gürrüňi Omega-3 ýag kislotasy dogrusynda aýtmak bolar. Ol garramaklyk dowamlylygynda neýronlaryň funksiýasyny ýerine ýetirýär. Şeýle-de bu madda adamyň garramagy bilen meselede onuň ýatkeşliginiň peselmeginiň öňüni almak bilen, depressiýa we beýleki psihik çökgünliklerden goraýar. Bu element, esasan, deňiz önümlerinde, maňyzlarda we ösümlik ýaglarynyň düzüminde köp bolýar. W witamin toparyna degişli tiamin, riboflawin we niasin ýaly elementler bolsa gök önümlerde, ýumurtganyň düzüminde bardyr. Bulardan başga-da, K we E witamin toparlary hem degişli mümkinçiliklerimizde peýdaly elementleri özünde jemleýär. Bu witaminler beýnimizi Alsgeýmeriň keselinden gorap saklaýar.
Şeýle-de beýnimiziň işleýşine oňyn täsirini ýetirýän Likopin hem zerur elementleriň biri bolup durýar. Ol garpyzyň hem pomidoryň düzüminde köp mukdarda saklanýar. Alymlaryň kesgitlemelerine laýyklykda, biziň aňymyzyň kadaly işini üpjün edýän elementleriň ýene-de biri sinkdir. Ony bolsa biz gara şokoladyň, deňiz önümleriniň, şeýle-de kömelekleriň düzüminden tapyp bileris.