Katalonlaryň “Barselona” futbol toparynyň hüjümçisi Luis Suarez turinlileriň “Ýuwentusy” bilen şertnama baglaşýar – diýip, žurnalist Gillem Balage öz Twitter hasabynda ýazýar.
Maglumatlar çeşmelerinde habar berlişine görä, taraplar diňe “Barselona” toparynyň urugwaýly hüjümçi bilen şertnamasyny bes etmegine garaşýarlar.
Luis Suarez “Barselona” toparynyň düzüminde eýýäm 6 ýyl bäri, has takygy 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Geçen möwsümde ol toparyň düzüminde 36 gezek meýdança çykyp, 21 gezek gol geçirdi we 12 gezek ýardam paslaryny berdi.
Ýakynda ýetirilen habarlaryň maglumatlaryna laýyklykda, “Ýuwentus” topary Suareziň transferi üçin katalon toparyna bonuslary hödürleýändigi habar berildi.