Müsüriň prezidenti Abdul Fattah Al-Sili Afrikanyň 30 döwletine koronawirus bilen göreşde peýdalanmak üçin 4 million dollar gymmata eýe lukmançylyk kömegini ugratmagy buýurdy. Bu barada Müsür ministrler kabineti habar berýär.
Bu Müsüriň afrikada koronawirusa garşy göreşmek üçin düzülen fonduna berýän maddy kömeklerden biri hasaplanýar. Bellenilen hünärmenleriň bellemegine görä, bu ynsanperwer kömeginiň birinji tapgyry eýýäm 10 sany 10 sany ýurda ugradylyp bolundy. Häzirki wagtda galan 20 sany ýurda lukmançylyk kömegini ýetirip bermek işleri dowam edýär.
Müsüriň Daşary işleri ministriniň orunbasary Soha Gendi bu kömekleri kabul edip alýan birnäçe döwletleriň ilçilerini Kair halkara aeroportunda garşy almagyny dowam etdirýär. Lukmançylyk kömegini bermek baradaky meýilnamanyň esasynda her bir ýurda 1,5 tonna mukdardaky lukmançylyk enjamlary ugradylýar.