Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan kosmasa çykarylan ady agzalýan howa gämisi iki gün orbitada bolandan soň 6-njy sentýabr güni Ýere gondy. Howa gämisiniň aýratynlykly tarapy ony ýene-de ulanmak mümkinçiliginiň barlygydyr.
Hytaý hökümetiniň mälim etmegine görä, bu operasiýa kosmosa arzanrak bolan uçuşlary amala aşyrmakda ilkinji ädimleriň biridir. Hytaý harby güýçleriniň kosmosa amala aşyran bu syrly maksatnamasynyň çäklerindäki raketa hakynda juda az maglumatlar yglan edildi. Döwlet habarlar agentlikleri häli raketanyň suratlaryny neşir etmediler. Şeýle-de onuň ululygynyň nähilidigi hem mäli dälligine galýar. Raketa anna güni Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitinde ýerleşýän “Jiuquan” atly emeli hemra uçurmak merkezinden kosmasa ugradylypdy.
“Sinhua” habarlar agentlikleriniň habaryna görä, uçuş Hytaýyň gaýtadan ulanmak mümkinçiligi bolan howa gämileri boýunça ylmy gözlegleri alyp barmaklykdaky möhüm hadysa boldy. Bu operasiýa geljekde kosmasa çykmagyň oňaýly we arzan bolan ýollarynyň bardygyny subut edýär. Hytaý özüniň astronawtyny ilkinji gezek 2003-nji ýylda kosmosa çykarypdy we deslapky kosmos stansiýasyny açypdy. Bu operasiýanyň çäginde robot maşyn aýa gonduryldy. Häzirki wgatda bu ýurduň ýene bir robat maşynyny alyp barýan kosmiki gözegçilik raketasy Mars planetasy tarap hereketini dowam etdirýär.