“Milanyň” öňki ýarym goragçysy Jakomo Bonawentura erkin agent hökmünde “Fiorentina” geçdi. Florensiýa kluby 31 ýaşly italýan futbolçysy bilen möwsümiň ahyryna çenli göz öňünde tutulan şertnamany düzdi.
Maglumat üçin, Bonawentura 2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Milanda” oýnan we “rossonerler” bilen 2016-njy ýyla Italiýa Superkubogynda ýeňiş gazanan. Ol milanlylaryň düzüminde 184 sany ýaryşda meýdança düşüp, 35 sany gol urdy. 30 sany gola bolsa assistenlik etdi.