24-nji oktýabr gününe bellenilen UFC 254 turniriniň nirede geçiriljekdigi mälim edildi. Öňden takmyn edilişi ýaly, juda garaşylýan garyşyk başa-baş göreş agşamy BAE-niň Abu-Dabidäki Ýas adasynda bolar. “Tutluşyklar adasynda” guraljak turniriň merkezi tutluşygy ýeňil agramda UFC çempiony Habib Nurmogomedow hem-de wagtlaýyn çempion Jastin Getjiniň arasynda geçer.
Habarlarda aýdylmagyna görä, UFC turnirleri 26-njy sentýabrdan Abu-Dabi şäherine dolanar. 24-nji oktýabr güni Habib-Getji agşamy bilen tamamlanar. Ýasdaky “Söweşler adalarynda” jemi 5 sany turnir geçiriler.