Meşhur türgen Habib Nurmagomedowyň tälimçisi onuň Konor MakGregor bilen gaýtadan duşuşanda gowy boljakdygyny belläp geçýär. Şonuň üçin hem bu iki ezber söweşijiniň arasyndaky tutluşygyň dowamynyň bolmagy hem belli bir derejede ähtimaldyr.
UFС söweş bileleşiginiň janköýerleri Habibiň tälimçisiniň şu mowzukdaky gürrüňlerinden çen tutup, UFC – niň iň gyzykly tutluşygyny gaýtadan hem görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşyp ugradylar.
Hawýer Mendeş bu barada :Eger men UFC – niň prezidenti bolan bolsadym, onda bu tutluşygy gaýtadan geçirmegi gürrüňsiz meýilleşdirerdim. BU hem köpleriň islegi, hem-de girdejili ýagdaý.” – diýip, belleýär.
Ýadymyzda bolsa, bu iki ägirtleriň— Habib Nurmagomedow we arasyndaky geçen ilkinji tutluşyk dünýäniň iň bir gyzykly tutluşyklarynyň birine öwrülipdi. UFC şol wagt 2,4 million sany tölegli translýasiýalary satypdy. Ýeňşi bolsa şonda Habib Nurmagomedow gazanypdy.