Häzirki wagtda pandemiýa döwründe Hytaý hökümetiniň zor salmagy we dürli hili düşünişmezçiliklerden irizen Taýwan özüniň garaşsyz döwletdigini hemmä görkezmek üçin ýene-de bir möhüm ädimiň bosagasynda dur. Taýwan hökümeti 2-nji sentýabr güni öz raýatlarynyň pasportunyň daşky görnüşini özgerdýändigini mälim etdi.
Taýwanyň aýtmagyna görä, olar pandemiýa döwründe başga ýurtlara gitmekde kynçylyga duş gelipdirler. Çünki, Taýwanyň raýatlarynyň pasportunyň depesine uly harplar bilen iňlis dilinde “Hytaý Respublikasy” diýip ýazylandyr. «Taýwan» sözi bolsa pasportuň aşak bölegine ýerleşdirilendir.
Ýanwar aýynda ilata berilmegi garaşylýan täze pasportda “Hytaý Respublikasy” sözi aýrylar. “Taýwan “ sözi bolsa ulaldylyp ýazylar. Hytaý dilinde ýazylan Hytaý sözi bolsa saklanar.
Taýwanyň Daşary işleri ministri Josef Wuniň aýtmagyna görä, pasportlar taýwanlylary Hytaý raýatlary hökmünde düşünişmezçiligiň ýüze çykmagynyň öňüni alar. Wu bu barada şeýle belleýär. “Şu ýyl koronawirus ýaýrap başlanandan bäri raýatlarymyz özlerini hytaýly däl-de, eýsem, taýwanly diýip dünýäniň tanamagyny isleýär”.
Hytaý Halk Respublikasy Taýwanyň özüniň çägidigini belleýär. Şonuň üçin hem ol Taýwanyň adyndan beýleki döwletler bilen gatnaşyk saklap bilýändigini aýdýar. Şol sebäpli hem daşary ýurtlar Taýwana edil Hytaýa eden çäklendirmelerini girizdiler.