Güýz paslynda howanyň ýagdaýynyň has hem üýtgäp durýandygyna gözegçilik etmek bolýar. Netijede bolsa, bedenimizde argynsyzlyk, ýadawlyk, ysgynsyzlyk bolup geçýär. Immunitetimiz peselýär. Beýle günlerde lukmanlar immuniteti ýokarlandyrmaga kömek berýän önümleri ulanmaklygy maslahat berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, C witamininiň ýetmezçiligi immuniteti peseltmegi mümkin. Şu sebäpli hem dümew beýleki möwsümleýin keseller bilen näsaglamazlyk üçin C witamininiň mukdaryny deňagramlylykda saklamak zerurdyr.
C witaminine sitrus miwelerine garanda bulgar burçy we duzlanan kelem has hem baýdyr. Olarda apelsindäkiden 10 esse köp C witamini bardyr. Şeýle-de hünärmenler bu möwsümde miweleri we işdäaçar otlary iýmeklik saglyk üçin has hem peýdalydygyny belleýärler.
Immuniteti has hem pugtalandyrmak üçin hozy, jowdarynyň unundan taýýarlanan çöregi, ýumurtga sarysyny ulanmaklyk jan-saglyk üçin tapylgysyz hazynadyr. Ýagly naharlar, konserwirlenen önümler, kofeden bolsa ýüz öwürmek zerurdyr.beýle iýmitler we içgiler kabul edilende organizm ýokary kaloriýaly iýmiti siňdirmekde kynçylyklara duş gelýär. Bu bolsa iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň bozulmagyna we beden agramynyň kadadan artmagyna eltip bilýär. Şonuň üçin hem güýz paslynda saglyk ýagdaýymyz hakynda has hem jogapkärli bolmalydyrys! Dogry iýmitlenmek düzgünlerini berjaý etmelidiris. Özümizde döräp biljek dürli sökellikleriň öňüni almaga çalyşmalydyrys!

Toýly Muhammetdurdyýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby