Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
«Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary
hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň
raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri
boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da
kämilleşdirmek maksady bilen, Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň
raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça
ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri Türkmenistanyň içeri işler
edaralarynyň üstüne ýüklenildi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda:
1) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda
resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini;
2) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny
hem-de ýazgydan çykarylmagyny;
3) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport
ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň
raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek,
olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak
meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün
eder.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-
hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar
zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi
bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap
edilmegini aradan aýrar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan
gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna
girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetine berer.