Täze ylmy barlaglardan belli bolşuna görä, semizlik adamyň koronawirusdan
ýogalmak howpuny 48%-çenli ýokarlandyrýar. Şeýle-de, semiz adamlara edilen
waksina sanjymlarynyň netijeliligi hem beýlekilerden görä pes bolýar.
ABŞ-nyň Demirgazyk Korolina uniwersitetinde alnyp barlan ylmy
gözleglerde semiz hasaplanan adamlar, ýagny beden agramy boýuna görä 30
kilogramdan agyr bolan adamlar üçin koronawirus howpy beýlekilerden ýokary
bolýandygy mälim edildi. Semiz adamlaryň diňe bir koronawirusdan ýogalmak
howpy beýlekilerden 48% köp belki-de olaryň koronawirusdan keselhana
ýatyrylyp şol ýerde ýogalmak howpy 113%-e, reanimasiýa bölümine düşmek
ähtimallylygy bolsa 74% beýlekilere garandan ýokarydyr.
Barlaglary alyp baranlaryň sözlerine görä, koronawirusa garşy waksina semiz
adamlarda netije bermekligi hem az bolmagy mümkin. Bu ýagdaý dümewe we
SARS-a garşy waksinalarda hem bolup geçýär. Gözlegleriň ýolbaşçysy Barri
Popkin netijeleriň gorkulydygyny belledi.
Bu ylmy netijeler ilatynyň köp bölegi semizlikden ezýet çekýän ýurtlar üçin,
esasan hem, Pars aýlagyndaky döwletler üçin howpludyr. Meselem, Saud
Arabystanynda ilatyň 35,4 göterimi artykmaç beden agramyna eýedir. Kuweýt bu
görkeziji boýunça Orta Gündogardaky iň öňdeligi eýeleýär. Bu ýerde ýaşaýan
adamlaryň 37,9 göterimi semizlikden ejir çekýär.