Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Bilim
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu Kanun «Türkmenistan» we «Neýtralnyý
Turkmenistan» gazetlerinde 3-nji sentýabrda çap edildi.
Täze Kanuna laýyklykda, 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 21-
nji madda; 2014 ý., № 4, 153-nji madda; 2017 ý., № 1, 36-njy madda; 2018 ý., № 2, 55-
nji madda) şu üýtgetmeler girizildi:
3-nji maddanyň 6-njy bendinde «mugtlugy» diýen söz «tölegsizligi» diýen söze
çalşyryldy;
4-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan edildi: «3. Türkmenistanyň raýatlary
üçin umumy orta bilim hökmanydyr.
Döwlet Türkmenistanyň raýatlary üçin döwlet bilim edaralarynda bilim
maksatnamalarynyň özleşdirilmeginiň elýeterliligini kepillendirýär. Türkmenistanyň
raýatlarynyň döwlet we beýleki bilim edaralarynda tölegsiz we tölegli esasda bilim
almaga hukugy bardyr.».
Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizildi.