Ukrainanyň resmi wekilleriniň 29-njy awgust güni irden beren habarlaryna
görä, ýurtda 28-nji awgust gününiň dowamynda koronawirus bilen kesellemegiň
täze ýagdaýlary rekord derejede köpelip, 2481 adamyň COVID-19 bilen
keselländigi anyklanyldy. Ondan bir gün öň bolsa 2438 adama koronawirus barlag
netijesi goýuldy.
Ukrainada golaýda wirusy özüni ýokuşdyran adamlaryň sany has hem
köpeldi. Şonuň üçin hökümet şu hepdede ýurda daşary ýurtlardan adamlaryň
gelmegini 29-njy sentýabra çenli gadagan etdi. Karantin çäklendirilmeleriniň bolsa
oktýabr aýynyň ahyrna çenli uzaldylandygy yglan edildi.
Häzirki wagta çenli Ukrainada jemi 116 987 adam koronawirus bilen
keselledi. We 2492 adam bolsa onuň gurbany boldy. Näsaglaryň 56 138 sanysy
bolsa sagaldy. Häzirki wagtda 58 348 adam hassahanalarda bejergi alýar.