Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp “Sanly ulgama geçmek milli
bilimi döwrebaplaşdyrmagyň ýoludyr” ady bilen Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetinde geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň esasy
maksady ýurdumyzda ähli babatlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem sanly
ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrlýan işleriň netijeliligini gowulandyrmak
boýunça bu ýokary okuw mekdebinde ýola goýulýan meýilnamalaýyn işleriň
depginini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň, okuw maksatnamalarynyň,
amal edilmeli işleriň mazmunyna seredildi.
Maslahat umumy bölümde we “Innowasiýa tehnologiýalaryny we usullaryny
durmuşa ornaşdyrmakda takyk ylymlaryň orny”, Hormatly Prezidentimiziň daşky
gurşawy goramak syýasty: halkara ekologiýa konwensiýalary ekologiýa
howpsuzlygynyň hyzmatynda”, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe medeni-
ruhy gymmatlyklary öwrenmegiň ylmy esaslary”, “Diliň we edebiýatyň kämilligi
sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň özenidir”, Milli Liderimiziň Sanly bilim
syýasaty: täze ösüşler we möhüm wezipeler”, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwrüniň konstitusion özgertmeleri ählumumy ösüşleriň kepilidir”, “Diller –
dostluk köprüsi” atly bölümlerde dowam etdirildi.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby