Köpler kofeniň, esasan, adama energiýa bermek täsiriniň bardygyny
belleýärler. Aslynda bolsa, bu içginiň azyndan sekiz hili peýdaly täsirleri bar.
Kofeniň bu sanawly aýratynlyklaryny Nýu-Ýorkuň Önümçilik we dietologiýa
akademiýasynyň hünärmeni Jonatan Waldes özüçe häsiýetlendirýär.
Olaryň biri hem, kofeniň düzümindäki kofeýiniň ganymyzda adrenalini
güýçlendirýändigi, şeýle hem ýaglaryň sarp edilişini sazlaýanlygydyr. Bu bolsa
ýag kislotlarynyň biziň organizmimiz üçin ýangyç hökmünde bolmagyna getirýär.
Şonuň üçin kofe türgenleşýänler üçin aýratyn peýdalydyr.
Bu içgi ýürek agyry keselleriniň hem birnäçesi üçin peýdalydyr. Sebäbi hem,
ol antioksidantlara — ýekeli ösümlik baglanyşyklaryna baý. Mysal üçin, hlorogen
kislota atlandyrylýan antioksidant ganyň düzümindäki holesterini we trigliseridi
hem-de şekeri pese düşürýär. Kofeni ýüregiň sazlylygyny saklamak maksady bilen
içmekde, lukmanlar günüň dowamynda 300 ml mukdar ölçeginden 2—5 gezek
içmeli diýip belleýärler. Emma tersine, frenç-press we şoty espresso ýaly filter
edilmedik kofeler çäksiz içilmek netijesinde ýürek agyrynyň döremegine sebäp
bolup bilýär.
Kofe organizmde ýagyň mukdarynyň azalmagyna hem oňyn täsir edýär.
Günde 4 bulgur içilen ýagdaýynda, onda adamyň ýagy ortaça hasap bilen 4 %
azalar. Bu bolsa Garwardyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş mekdebiniň geçiren
ylmy-barlag netijelerinde görkezilýär.