Ispan futbolyndan ýetirilýän habarlaryň hemmesinde argentinaly ýyldyz
futbolçy Lionel Messiniň katalon toparyndan gitmek isleýändigi barada habar
berilýär. Messi bu maksatlary barada ilki toparyň tälimçisi Ronald Kuman bilen,
soňra bolsa toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen maslahatlaşdy.
Katalonlaryň “Catalunya Radio” maglumatlar çeşmesiniň berýän
habarlaryna laýyklykda, futbolçy toparyny täzelemek baradaky pikirini “Mançester
Sitiniň” täzlimçisi Pep Guardiola bilen paýlaşypdyr. Bu mesele Messiniň
Mançesteriň toparyna geçmek mümkinçiligi baradadyr. Ýadymyzda bolsa, ozal
Messi bilen Guardiola “Barselona” toparynyň düzüminde bile işleşipdiler.
Belläp geçsek, Lionel Messi futbol karýerasyny tutuşlygyna katalon
toparynyň düzüminde geçirdi. Umumylykda, ol bu toparyň köýnekçesi bilen jemi
731 gezek meýdança çykyp, indiwidual baýraklaryndan daşary 34 baýragy
eýelemegiň hötdesinden gelmegi başardy.