Söweş sungatynda “Soňky Imperator” ady bilen adygan Fýodor Ýemelýanenko “Bellator” söweş ýaryşlary guramasynyň çäginde soňky tutluşygyny öz ýurdunyň paýtagtynda — Moskwada geçirer. Türgeniň soňky tutluşygyny Watanynda geçirjegi barada promowşeniň prezidenti Skott Koker aýdýar. Emma ýene bir zady ýatlap geçmek gerek, habarlarda aýdylyşyna laýyklykda, Fýodor özüniň ilkinji ýeňlen garşydaşy bolan Fabrisio Werdum bilen hem gaýtadan güýç synanyşmak isleýänligini aýdypdyr.
Köpler onuň indiki tutluşygyny iň soňky hasap etseler hem, bir tarapdan Fýodoryň özi hem entek professional karýerasyny ýapmak islemeýär. Habar berilmegine görä, bu gaýtadan geçirilmegi meýilleşdirilýän tutluşygyň bolmagyna iki türgen hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar bu baradaky pikirlerini ýörite interwýularynda belläp geçdiler. Ýadymyzda bolsa, 2010-njy ýylda geçirilen birinji tutluşykda günorta amerikaly türgen gysmak enjamyny ulanyp ýeňiş gazanypdy.
Belläp geçsek, Fýodor Ýemelýanenko 1976-njy ýylda häzir Ukraina döwletine degişli bolan Lugansk oblastynda doguldy.