FAN kino teleýaýlymy häzirki wagta çenli düşürilen ylmy-fantastik kinofilmleriň iň gowularynyň reýtingini düzdi.Stenli Kubrigiň “2001-nji ýyl: Kosmik Odisseýa” atly kinofilmi FAN-yň düzen sanawynda ilkinji basgançagy eýelän fantastika žanrdaky film boldy.
Bu žanrdaky filmleriň şu hili sanawyny mälim etmek üçin, 10 sany iň gowy fantastik kinofilmi ýüze çykarmak üçin seçip almagyň täze bir usulyndan peýdalanyldy. Oňa laýyklykda, kinonyň eýelejek ornuny kesgitlemekde ulanyjylaryň, film tomaşaçylarynyň bahalary, kino tankytçylarynyň degişli kinofilm barada aýdýan obýektiw pikirleri, sungat neşirleriniň hünärmenleriniň pikirleri, şeýle hem FAN teleýaýlymynyň toplumlary we neşirleri peýdalanyldy.
Bu sanawyň ikinji basgançagyny Ridli Skottuň “Keseki” filmi, üçünji orunda bolsa “Matrisa” kinofilmi ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, ilkinji onluga giren kinofilmlerden “Päkiniň üstünde ylgaýan adam”, “Başlangyç”, “Metropolis”, “Terminator 2: Hasaplaşyk güni”, “Geljege dolanmak”, Ýyldyz söweşijileri: 5-nji bölüm. Imperiýa jogap urgusyny geçirýär” we “Solýaris” ýaly meşhur kinofilmleriň atlaryny getirmek bolar.