Meşhur “Huawei” kompaniýasy 3-nji sentýabrda özüniň täze önümçilige goýberjek enjamlaryny tanyşdyrar. Olaryň biri özbaşdak prosessora eýe bolar. Kompaniýa eýýäm olary köpçülige görkezjek senesini mälim etdi.
Sentýabr aýynyň 3-ne IFA 2020 halkara sergisiniň çäklerinde “Huawei’s Vision for a seamless smart life” atly çäre gurnalar. Şol çärede hem bu kompaniýanyň täze döreden smartfony, onuň Kirin 9000 prosessory bilen üpjün ediljek ulgamy 5G esasda işleýändir. Bu ýerde gürrüň arada satuwa çykarylan “Huawei Mate 40” smartfonunyň täzeçe prosessor bilen güýçlendirilen görnüşi barada gidýär. Ol mundan başga-da, ekran asty kamerasy bolan ilkinji smartfon bolar.
Bulardan başga-da, şol günki geçiriljek çärede “Huawei” kompaniýasynyň beýleki enjamlary — simsiz gurluşly gulaklyklar, “akylly” sagatlary, ses beriji enjamlar şeýle-de telewizorlar… alyjylar köpçüligine tanyşdyryldy. Delovoye.tv internet saýtynyň maglumatlaryna laýyklykda, “Huawei” kompaniýasy ýakynda dünýäde ilkinji Android ulgamsyz smartfony öndürmegi meýilleşdirýär.