Täze okuw ýylynda paýtagtymyzyň 85-nji orta mekdebinde okuwçylar 5-nji synpdan başlap italýan dilini öwrenerler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 5-nji synp okuwçylary üçin okuw kitabyny we oňa goşmaça iş depderini çykarandygyny bellemek gerek.
Paýtagtymyzyň 49-njy mekdebinde täze ugurlaryň ikisi – matematika we iňlis dili boýunça ýöritieşdirilen synplar peýda bolar.
Ýaşajyk türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine çekmek boýunça wezipäni durmuşa geçirmek jähtinden ýurdumyzyň mekdeplerinde sapaklaryň tertibinde Bedenterbiýe güni peýda bolar. Her şenbede irden köpçülikleýin ertirki maşklar, sapaklar tamamlandan soň bolsa, sportyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler ýa-da ýaryşlar, işjeň oýunlar we beýleki sagaldyş çäreleri guralar.
Okuw işine täzelikleriň girizilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakda alada bilen baglanşyklydyr. Wirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen her sapakda synpda 15 okuwçy bolar. Degişlilikde okuw sagatlary-da azaldylyp: 1-nji synp okuwçylary 25 minuda, 2-4-nji synpdakylar – 30 minuda, ýokary synp okuwçylary 35 minuda çenli okarlar. Okuw stollary zerur aralyk saklanylyp, küşt tagtasy görnüşinde bolar. Mekdebe girenlerinde çagalaryň gyzgyny ölçeler, ellerine zyýansyzlandyryjy serişde sepiler. Şahsy gigiýenanyň düzgünlerine eýermegiň zerurlygy barada düşündiriş işlerine uly üns berler.