Hytaý akademiýasynyň alymlary selfi surata düşürmek usulynyň kömegi bilen ýürek kesellerini anyklamagyň algoritmini işläp düzdüler. Bu barada “European Heart Journal” žurnalyndaky degişli makalada giňişleýin beýan edilýär. Elbetde, bu usuly lukmanyň geçirýän barlagy bilen deňeşdirip bolmaz, emma selfiniň görkezen ýaramaz netijesinden soň lukmana ýüz tutup, maslahatlaşyp bolar. Bu ylmy işi geçirýän hünärmenleriň biri bolan professor Çže Çžen bu barada şeýle belleýär: “Biziň baş maksadymyz — ýüregagyrysy bolan adamlar üçin niýetlenip, olaryň agyrysynyň alamatlaryny wagtynda ýüze çykarmaklaryny gazanmak”.
Işiň awtorlary ýürek agyryda ýüze çykyp bilýän spesifik faktorlara aýratyn ünslerini gönükdirýärler. Munuň ýaly faktorlara bolsa, çalaran inçe saçlar, gasynlar, gulakdaky ýygyrtlar, gulakdaky alamatlar, ksantelazma, gözdäki halkalaryň düşmegi ýaly alamatlar…mysal bolup biler.
Öwrenijiler neýro tory bilmek üçin 6 müňe golaý näsag müşderileriň fotosuratlaryny toplap ýygyndy edipdirler. Mundan başga-da, olar näsaglaryň demografik aýratynlyklaryny we medisina kartlaryndaky ýazgylaryny topluma girizipdirler. Şondan soň algoritmiň duýujylygy 80%-e, spesifikligi bolsa 54%-e ýetipdir. Öwrenijilere bu anyklaýyş usuly bilen geçirilen barlaglarda oňyn netijeleri gazanmak başardypdyr.
Bu programma, esasan, gan aýlanyşda näsazlyklaryň döremegi bilen ýüze çykýan ýüregiň işemiýasyny anyklamak maksady bilen döredilendir. Köp ösen döwletlerde ýüregiň işemiýasy esasy meseleleriň biri bolup, ol köp zähmet başarnygyny talap edýär.
Bu ylmy taslamany alyp barýan hünärmenler bu işi has-da kämilleşdirmegiň, oňa dürli milletleriň adamlarynyň mysaly ýüzlerini girizmegiň üstünde işlemegi meýilleşdirýärler.