Futbol älemniň parlak ýyldyzy Lionel Messini transfer etmek isleýän esasy toparlaryň sanawy belli boldy. Bu barada “The Sun” neşiri habar berýär.
Bu transfer mümkinçiligini öz peýdasyna amal etmäge, esasan, Ýewropanyň 3 topary has golaý barýar. Katalon toparynyň hüjümçisini düzümine goşmaga dalaşgärlik edýän bu 3 topar — fransuzlaryň “Pari Sen-Žermen” topary, şeýle hem italýanlaryň “Ýuwentus” we “Inter” toparlarydyr. Bellenilişine görä, argentinaly futbolçy üçin “Pari Sen-Žermen” topary köp pul tölemekçi, Italiýada bolsa Messi salgytlary az tölemek mümkinçiligine eýe bolup bilýär.
21-nji awgustda “Barselona” toparynyň ýolbaşçylar düzümi Lionel Messini transfer bazaryna çykarmak bilen, onuň gitmegine garşylyk görkezmejegini mälim etdiler. Şonuň bilen birlikde hem 33 ýaşly hüjümçiniň gitmegine garşylyk bildirýänler hem bar. Messiniň häzirki wagtda dowam edip duran şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsuna çenlidir.
Topar häzirki wagtda nemesleriň “Bawariýa” topary bilen geçiren şowsuz duşuşygyndan soň, tälimçisini täzeledi. Kike Setýeniň tälimçilik wezipesine ozal bu toparyň köýnekçesini geýip çykyş eden Ronald Kuman geldi. Kuman eýýäm Messi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Messiniň toparyndan nägiledigi Çempionlar ligasynyň şol şowsuz tapgyryndan öň hem belli ýagdaýdy. Belläp geçsek, “Barselona” topary geçen möwsümde hiç hili kubok gazanmady.