“Lexus” kompaniýasy golaýda ES kysymyny täzeçe görnüşde, herektlendiriji ulgamyny has kämil görnüşli edip köpçülige ýetirer. Bu awtoulagyň motory has kuwwatly bolsa-da, täzeden önümçilige goýberilmeginde onuň nowasy-da, beýleki bölekleri-de öňki durkuny doly saklar.
Ýaponlaryň öndürijisi bolan “Lexus” sedanlaryň täzeçe gurluşly görnüşleriniň önümçiligine girişýär. Ol nusagawy görnüşleriň hereketlendiriji esasyny täzelemäge girişýär. Şol sanda biziň ýurdumyzda hem meşhurlyga eýe bolan kompaniýa özüniň köpçülikleýin peýdalanylýan ES kysymynyň gurluşyny hem özgerder. Onuň birnäçe hili görnüşlerini, şol sanda F Sport ýaly görnüşlerini hem öndürmäge girişdi. Hünämenler awtoulagy Lexus Safety System+2.0 howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün ederler.
Bu biznes-sedan özüniň 30 ýyldan gowrak taryhynda ähli tigirleriniň herektlendiriji ulgamy bilen berkidiler. Şeýle-de onuň adyna goşmaça AWD at belgisi goşular. Sedana 206 at güýjüne eýe bolan 2,5 litrlik atmlosfera hereketlendirijisi goýulýar. Motory şol bir esasda ýygnalan we elektrohereketlendirijiniň ýardamy esasynda hereket etjek ES 300 h kysymyna ýörite gibrid enjamy oturdylýar. Bu kysymyň umumylykdaky güýç agregaty 218 at güýjüne barabar bolar.