«Real» futbol klubynyň baş tälimçisi Zineden Zidan La Liga barada öz
pikirlerini bildirdi.
«Bize çempionatda ahyryna çenli oýnamak we soňlugy bilen onda ýeňiş
gazanmak mümkinçiligi uly begendiriji duýgyny bagyşlady. Aýtsa boljak zatlaryň
biri, biz çempionlygy resmileşdiren günümiz durmuşymyzdaky iň gowy günleriň
biri boldy».
2019-2020-nji ýylky möwsümdäki ýeňiş fransiýaly futbol hünärmeni üçin iş
tejribesinde ikinjisi boldy. Mundan öň ol 2016-2017-nji ýyldaky möwsümde hem
La Ligany utupdy.