Aşgabat şäher bilim müdirligi tarapyndan habar berlişi ýaly, täze okuw
ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýokanç
keselleriň öňüni almak üçin berk çäreler görler. Şol çäreleriň hatarynda
aşakdakylar görkezilýär:
Mekdep binasyndaky giriş gapylarynyň birbada birnäçesi açyk bolmaly;
Ata-eneleriniň gidip-gelmesi çäklendirilmeli;
Naharhanalarda, bedenterbiýe sapaklarynda, oýun meýdançasynda howpsuz
aralyk saklanmaly:
Synpda çagalar biri-birinden 2 metr uzaklykda oturmaly;
Talyplar, mugallymlar we tehniki işgärler tarapyndan gorag örtükleriniň
geýilmegine gözegçilik etmek zerurdyr.